Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan her bir tutumly başlangyçlar Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň gözbaşynda bolsa halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen biz hem etrap bilim bölümi bilelikde Darganata etrabynyň 7-nji çagalar bagynda «Ýaş alypbaryjylar» ady bilen bäsleşik geçirdik. Oňa etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan ýokary synp okuwçy oglan-gyzlar gatnaşdylar.
Ýurdumyzda çagalaryň, ýaş nesliň ruhy taýdan sagdyn ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmaga, şeýle-de medeni mirasymyzy, milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde oňa gatnaşyjylar 3 şert boýunça bäsleşdiler. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan bäsleşikde ýaşlar öz başarnyklaryny we ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň dowamynda Darganata etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň okuwçylary özleriniň çykyşlary bilen bäsleşigiň şowhunyny has-da artdyrdylar. Olar Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşikde Darganata etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň okuwçylary I, Darganata etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň okuwçylary II, Darganata etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň okuwçylary III baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sumbar MAMEDBAÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Darganata etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.