Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly ýylynda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň milli guwanjy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara giň gerim berilýär. Geçirilýän çäreler özüniň öçmez-ýitmez goşgulary bilen ynsanyýet kalbynda hemişelik orun alan şahyryň şan-şöhratynyň nähili beýikdigini, onuň halkyň kalbynda hemişelik ýaşaýandygyny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri hem orta mekdeplerde, çagalar baglarynda, etrabyň ähli edara-kärhanalarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaraly çäreleri yzygiderli geçirip durýarlar. Ynha ýaňy-ýakynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň ýubileý baýramyna bagyşlap Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 7-nji «Aýterek» çagalar bakja-bagynda «Magtymguly paýhasy, dost-doganlyk köprüsi» ady bilen aýdym-sazly medeni dynç alyş çäresini geçirildi. Çärä etrabymyzyň bilim ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärede «Aýterek» çagalar bakja-bagynyň körpejeleri şadyýan aýdym-sazlary, joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler. Bagtyýar nesiller öz ukyp-başarnyklaryny buýsanç duýgulary bilen beýan etdiler. Şadyýan çykyşlar uly ruhybelentlige beslendi. Dürli halklaryň milli lybaslaryny geýen şadyýan körpeler dürli dillerdäki aýdymlary, tanslary uly şatlyk hem başarjaňlyk bilen ýerine ýetirdiler. Aýdymlar olara mahsus özboluşly tans hereketleri bilen utgaşdy. Körpeler ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary, buýsançly çykyşlary bilen öz zehinlerini, başarnyklaryny görkezdiler. Häzirki wagtda çagalar bagynda ählihalk we milli baýramçylyklary dabaraly we şatlykly belläp geçmek gowy däpleriň birine öwrüldi. Bu ajaýyp ýörelge ähmiýetliligi taýdan tapawutlanyp, özüniň terbiýeçilik täsiri bilen oňat netijeleri ýüze çykarýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar nesilleriň şadyýan durmuşyny, olaryň ruhubelentligini gazanmak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, beýik paýhasy bilen halypalyk ýoluny ýöredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza köňül alkyşlarymyz egsilmezdir.
Ogulnur ŞAPOLADOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.