Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe önümçilik işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan döwründe oba hojalygynda ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmek we ondan ýokary hilli önüm almak boýunça işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu milli ykdysadyýetimizi ýokary depginlere eýe etmek ugrundaky nobatdaky ädimlerdir. Ýurdumyzyň etraplarynda her ýyl tut nahallarynyň täze düýpleriniň oturdylmagy, öňden bar bolan tut agaçlaryna ýylboýy ideg etmek boýunça işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy, möwsümde ýüpek gurçuklarynyň esasy iýmiti bolan tut ýapraklarynyň ýeterlik mukdarda bolmagyny üpjün edýär.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda hem ýüpek gurçugy talabalaýyk ösdürilip ýetişdirilýär we olara ideg işleri talabalaýyk ýola goýulýar. Etrabymyzyň ýüpekçileri hem bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirip, pellehana ýetmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Biz hem TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri ýüpek gurçugynyň ösdürilip ýetişdirilýän hojalyklarda bolup, işeňňir zähmetkeşlere ýakyndan ýardam berýäris. Bu bolsa Watanymyzyň kümüş çäjiniň gün-günden beýgelmegine öz mynasyp goşandymyzdyr. Ýurdumyzda ýokary hilli ýüpek gurçuklarynyň ýetişdirilmegi ugrunda zähmet çekýän ildeşlerimize ýokary zähmet üstünliklerini arzuw edýäris.
Sabina BALTAÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.