BERKARAR DÖWLET ISTÄRIN

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek, ata watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyryp akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap  welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi   tarapyndan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli okuwçylaryň, talyplaryň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Berkarar döwlet istärin» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.   Bäsleşigiň baş maksady beýik akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip özbaşdak döwlet bolup, asuda we abadan durmuşda ýaşamak hakynda  eden we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hasyl bolan  arzuwlaryny dabaralandyrmakdan ybaratdyr. Esasy maksady döredijilik bäsleşigi arkaly «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň zehinli  ýaşlarynyň  döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdyr. Bäsleşige gatnaşyjylar döredýän eserlerinde Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, Gahryman Arkadagymyzyň hasyl eden, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän belent ösüşlerini jemi 300 sözden az we köp bolmadyk möçberde beýan etmeli. Ýaňy-ýakynda bu bäsleşigiň jemi jemlenip bäsleşigiň ýeňijilerine we tapawutlanan gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap  welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-nyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

15 Iýun 2024 | 2 okalan

ÇAGA — DURMUŞYŇ BEZEGI

15 Iýun 2024 | 2 okalan

TOMUS ŞADYÝANLYGY ARTÝAR

14 Iýun 2024 | 25 okalan

YLYM — BAGTYŇ ÇYRAGY