EZBER ELLI GÖZELLER

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan her bir tutumly işleriniň gözbaşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän belent maksatly tutumly başlangyçlary durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny netijesinde ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak, tebigy zehinlerini, ukyplaryny ýüze çykarmak, ýaşlary hünäre ugrukdyrmak ugrundaky aladalar biri-biriniň yzyny hatarlap barýar. Şol sanda ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, olaryň ene-mamalarymyzdan miras galan el hünärine söýgisini we hormatyny artdyrmak maksady bilen dürli mazmunly çäreleriň geçirilmegi hem yzygiderli dowam etdirilýär. Bu ugurda jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde duran wezipelere üstünlikli çemeleşmek maksady bilen golaýda Türkmenabat şäherindäki  medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Ezber elli gözeller» atly hünär bäsleşigini geçirdik.

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, artdyrmak, olaryň durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde welaýatymyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlary öz başarnyklaryny subut etdiler. Olar bäsleşigiň şertlerine görä, el işlerine ussatlygyny, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ýollaryny öwrenmek we dowam etdirmek boýunça öz başarnyklaryny subut etdiler. Talyp gyzlar milli gymmatlyklarymyzyň aýratyn sarpalanylýan döwründe milli çeperçilik senedimiz bilen meşgullanyp, öz ussatlyklaryny, türkmen nagyşlarynyň döreýşini we ulanylyşyny çeper döredijiligiň üsti bilen wasp edip, döwrebap eserleri bilen çykyş etdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň «Kompýuter ulgamlarynda programmirlemek» hünäriniň 1-nji ýyl talyby Çemen Nurjumaýewa ukyp-başarnygy bilen bäsdeşlerinden tapawutlanyp, I orna mynasyp bolmagy başardy. Ýeňijileri we bäsleşige gatnaşyjylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary bilen sylagladyk. Bagtyýar ýaşlar özleri hakynda giň gerimli aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Aýjahan MOLLAÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

15 Iýun 2024 | 2 okalan

ÇAGA — DURMUŞYŇ BEZEGI

15 Iýun 2024 | 2 okalan

TOMUS ŞADYÝANLYGY ARTÝAR

14 Iýun 2024 | 25 okalan

YLYM — BAGTYŇ ÇYRAGY