BAGTLY ÇAGALYGYŇ ÝURDUNDA

     Ynsan balasy hemişe döredijilige teşne. Çünki döredijiligiň täsin güýji islendik adamy ruhy taýdan galkyndyryp, onuň göwnüni ganatlandyrýar. Bu hakykaty ýurdumyzda çeper döredijilik bilen meşgullanýan raýatlarymyzyň eserleriniň mysalynda hem anyk görmek mümkin. Ykbalyny sungata, döredijilige baglan ildeşlerimiz bu gün Watanymyzyň ösüşlerini, halkymyzyň ruhy galkynyşyny özleriniň döredýän eserlerinde ussatlyk bilen wasp edýärler. Bu bolsa güneşli ülkämizde raýatlarymyzyň, esasan hem ýaşlaryň döredijilik bilen meşgullanmaklary, öz zehinlerini ýüze çykarmaklary, ukyplaryny açmaklary üçin ähli mümkinçilikleriň we şertleriň döredilýändiginiň guwandyryjy netijesidir. Ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň kämil bilimleri ele almaklary bilen birlikde, olaryň zehinli ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin sungat ojaklarynyň, medeniýet we döredijilik öýleriniň täze binalary gurlup ulanylmaga berilýär. Şeýle-de ýaşlaryň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşikleri bagtyýar ýaş nesilleriň döredijilik ruhuny artdyryp, olary täze gözleglere iterýär. Bu hakykaty ýaňy-ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde ýurdumyzda yglan edilen surat bäsleşiginiň mysalynda hem görmek bolýar.

     «Biz, Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» diýen at bilen yglan edilen bu bäsleşik ýaş türkmenistanlylarda uly seslenme döretdi. Görşümiz ýaly, bäsleşigiň yglan edilen gününden başlap welaýatymyzyň ýaş suratkeşleri özleriniň döreden ajaýyp surat eserlerini bäsleşige hödürlediler. Ýaşlaryň döredijilik işlerinden hem görnüşi ýaly, berkarar döwletimiziň gün-günden özgerýän ajaýyp keşbi, gözel tebigatymyz, Watanymyzyň ykdysady we syýasy galkynyşy ýaş türkmenistanlylaryň ýüreklerini joşduryp, hyjuwyny artdyrýar.

     Biz hem zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary täze gözleglere höweslendirmek maksady bilen yglan edilen bu bäsleşige gatnaşdyrylan suratlaryň iň gowularyny ýörite düzülen topar agzalary bilen bilelikde saýlap, olary bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hödürledik. Görşümiz ýaly, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň her biriniň kalby parahat Watanymyza, bagtyýar döwrümize, ýurdumyzyň ösüşlerine bolan çäksiz söýgiden doly. Olar öz eserlerinde güneşli ülkämiziň ösüşini, gözel tebigatyny, bagtyýar çagalygy ussatlyk bilen wasp etmegi başarypdyrlar.

     Watanymyzy bagtly çagalygyň ýurduna, arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesine öwren Gahryman Arkadagymyzyň we bu ugurdaky işleri netijeli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

 

Durdy MAMEDOW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.  

Öňki makala

EZBER ELLI GÖZELLER

Indiki makala

ENE DILIM — ASAL DILIM

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 56 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 27 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 27 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR