ENE DILIM — ASAL DILIM

     Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli etrabyň orta mekdepleriniň türkmen-dili we edebiýaty dersi boýunça okadýan mugallymlardan düzülen  toparlaryň arasynda «Ene dilim—asal dilim» diýen at bilen yglan eden döredijilik bäsleşigimiziň jemi jemlenildi. «Kämil bilim» okuw merkeziniň binýadynda geçirilen bu bäsleşikde mugallymlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda pähim-paýhas ummany bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işleri, akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmek, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde toýlamak maksady bilen durmuşa geçirilýän özgertmeleri beýan etdiler.   Bäsleşigiň netijeleri boýunça I orna «Mollanepes» topary, II orna «Magtymguly» topary, III orna «Kemine» topary mynasyp boldy. Ýeňiji bolan mugallymlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 56 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 27 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 27 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR