«ÝAŇLAN, DIÝARYM!» TELEBÄSLEŞIGINIŇ ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

    Ata-Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda medeniýetimizi we sungatymyzy gülledip ösdürmekde, dünýä ýüzüne äşgär etmekde yklymlara görelde, asyrlara nusgalyk beýik işler amala aşyrylýar. Şu günler Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ähli künjeklerinde ýaş zehinli aýdymçylary ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi uly şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenip geçirilýär. Ýaňy-ýakynda hem Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet merkezinde bu telebäsleşiginiň Saýat etraby boýunça saýlama tapgyry hem geçirildi. Bäsleşige gatnaşan ýaş zehinli aýdymçylar halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ýurdumyzyň gülläp ösüşini wasp edýän owadan aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

    Bäsleşige etrabymyzyň ähli künjeklerinden ýaş zehinli aýdymçylaryň jemi 30 sanysy gatnaşyp, olardan has tapawutlanan Saýat etrap medeniýet merkezinden Atahan Babahanow, Berdi Çaryýew, Sakar şäher medeniýet merkezinden Umyt Rahmedow, Aýgül Ýazmyradowa we Garabekewül şäher medeniýet merkezinden Babajan Şamämmedow, Atajan Agamyradow, Agajan Garlyýew şeýle-de Hekim Döwranow  dagylar eminler toparynyň ýokary bahalaryna mynasyp bolmak bilen, bäsleşigiň indiki saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan ýaş zehinli aýdymçylaryň ählisi ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini  görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Ogulnäz NEPESOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 56 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 27 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 27 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR