WAGTLAÝYN SERGI AÇYLDY

       Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Gudrat siňen türkmen halysy» diýen at bilen wagtlaýyn sergi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna kümüş saçly enelerimiz, eli hünärli gelin-gyzlarymyz, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şäheriň myhmanlary we bagtyýar talyp ýaşlar gatnaşdylar.

       Dabarada edilen çykyşlarda berkarar döwletimizde, milli medeniýetimizde öwrenmek, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Çykyşlarda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen, geçmiş taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, owadanlygy we nepisligi bilen köpleri haýrana goýýan türkmen halyçylyk sungatynyň ussatlaryna ýurdumyzda belent sarpanyň goýulýandygy aýdyldy. Şeýle-de halkymyzyň gözellik dessany saýylýan türkmen halysynyň şanyna tutulýan toý-dabaralaryň milli sungatymyzyň bu günki derejesini, mertebesini ýene-de belende galdyrmakda aýratyn orun eýedigi nygtaldy.

       Muzeýde sergilenen haly we haly önümlerinde halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamyndaky şöhratly taryhynyň, bagtyýar şu gününiň waspy öz beýanyny tapdy. Welaýatymyzyň halyçylary özleriniň dokan nepis halylary we haly önümleri bilen bu sergini bezän bolsalar, ýaş nakgaşçylaryň çeken suratlary, döredijilik eserleri şanly senä ajaýyp sowgat boldy. Şeýle-de welaýatymyzyň zergärleri baýramçylyk mynasybetli taýýarlan önümlerini, şaý-seplerini sergide görkezdiler. Halyçy gelin-gyzlar haly dokamagyň milli däpleri we usullary, haly önümleriniň ulanylyş aýratynlyklary, haly gölleriniň döreýiş taryhy dogrusynda täsirli gürrüňleri berdiler. Sergä gatnaşyjylar ene-mamalarymyzdan miras galan sungat ýollaryny, türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda we ýaş nesle miras galdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.  

 

Aýjan ABDULLAÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 56 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 27 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 27 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR