WELAÝATYŇ ÇEMPIONATY GEÇIRILDI

    Ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek, olaryň beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda giň maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Yzygiderli geçirilýän sport ýaryşlary bolsa ýurdumyzda ussat türgenleriň sanynyň artmagyna getirýär. Golaýda şeýle ýaryşlaryň biri Türkmenabat şäherindäki 2-nji sport mekdebinde hem geçirildi. Erkin göreş boýunça Lebap welaýatynyň çempionlygyny gazanmak ugrunda geçirilen bu ýaryşa Türkmenabat şäheriniň, Saýat, Dänew we Çärjew etraplarynyň türgenleri gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezdiler.

    Jemi 10 agram derejesi boýunça guralan tutluşyklarda oglanlaryň 80-e golaýy öz aralarynda güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşlar güýçlileri saýlamaga mümkinçilik boldy. Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenabat şäheriniň türgenleri baýrakly orunlaryň 24-sini eýeläp, toparlaýyn birinji orny gazandylar. Ýaryşyň ikinji baýrakly ornuny bolsa saýatly türgenler eýelediler. Dänew etrabynyň topary ýaryşyp üçünji baýrakly ornuna mynasyp boldular. Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

 

Ýusup BABAKULOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 67 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 29 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 36 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR