ÜLKÄMDE ÝAŇLANÝAR ÇAGA GÜLKÜSI

     Ak guş kimin päk ýürekli çagalar durmuşyň güli, ýaşaýşyň bezegi hasaplanýar.  Adamzat durmuşyna many goşýan, her bir günümizi bagtyýarlyk, gülki-şatlyk bilen doldurýan körpelerimiz Watanyň geljegi hasaplanýar. Hut şonuň üçin hem güneşli ülkämizde ýaş nesliň ylymly, bilimli, terbiýeli, giň düşünjeli şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak döwlet syýasatymyzda öňde durýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Şeýle hem ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny goramak, mümkinçiliklerini giňeltmek, maşgala abadançylygyny üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa çagalaryň sagdyn ösmegi, gowy ýaşamagy, okap bilim almagy üçin has oňat şertleri döretmäge giň mümkinçilikleri açýar. Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara gününiň bellenilmegi-de röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaş nesliň nurana ertirlerini berkarar etmek ugrundaky aladalaryň bir bölegidir.

     Çagalary goramagyň halkara güni biziň ýurdumyzda hem giň dabaralara utgaşýar. Çünki Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne buýsanyp ýaşaýan bagtly we bagtyýar çagalaryň ülkesidir. Biziň ýurdumyzda çagalaryň okuwdan boş wagtlaryny hoş geçirmekleri, netijeli işlere sarp etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrülen gözel Türkmenistanymyzda ýaşlaryň çuňňur bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Muňa döwrebap amatlyklary bolan çagalar baglarynyň döwrebap edaralarynyň gurlup ulanylmagy berilmegi, olaryň ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy hem bu aýdanlarymyza şaýatlyk edýär. Şeýle hem çagalar baglarynda körpelere ýaşlykdan daşary ýurt dillerini öwretmek ugrunda hem göwnejaý işler ýola goýulýar. Bu bolsa geljekde dünýä ylymlaryndan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegini şertlendirýär.

     Biz hem çagalar baglarynda, bilim edaralarynda ýygy-ýygydan bolup, körpeleriň arasynda dürli mazmunly çäreleri, bäsleşikleri geçirýäris. Bu bolsa ýaşlaryň watançylyk ruhuny artdyrmaga, olarda bilimiň çuňluklaryna aralaşmaga höwes döretmäge ýardam edýär. Goý, eziz ýurdumyzda elmydama çagalaryň şadyýan gülki sesleri belentden belent ýaňlansyn!

   Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA