ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNÜNE BAGYŞLANDY

      Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherindäki «Goşa çyrag» toý mekanynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäresini geçirdik. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda «Goý ýaňlansyn çagalaryň gülküsi» diýen at bilen geçirilen bu aýdym-sazly baýramçylyk çäresi körpeleriň baýramçylyk ruhuny belende galdyrdy. Oňa Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary, bagtyýar körpe nesiller uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

      Körpeleriň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary, joşgunly tanslary bu günki baýramçylyk çäresine aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle hem çagalar kitaphanasynyň işgärleri we teatr artistleri özleriniň döredijilik çykyşlary bilen körpeleriň baýramçylyk ruhuny artdyrdy. Körpeleriň ýerine ýetiren sahna oýunlary baýramçylyk çäresiniň şowhunyny has hem artdyrdy. Şeýle-de sapaly tomus paslyny, bu paslyň aýratynlyklaryny wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi. Soňra ylymda, bilimde, sungatda, çeper döredijilikde öz ukybyny görkezmegi başarýan zehinli ýaşlara welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bagtyýar körpe nesiller berkarar döwletimizde ýaşlaryň okamaklary, hünär saýlamaklary we netijeli dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Dinara KARIMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 67 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 29 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 36 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR