TÜRKMENISTAN — BAGTLY ÇAGALYGYŇ MEKANY

      Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleri Lebap welaýatynyň hem ähli ýerini gurşap aldy. Biz hem şeýle çäreleriň birini Çärjew etrabyndaky 63-nji orta mekdepde geçirdik. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň işgärleriniň hem-de etrabyň Çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyňdyr okuwçylarynyň bilelikde guramagynda «Bagtyýarlyk döwrüniň bagtly çagalary» atly şygar astynda geçirilen bu aýdym-sazly baýramçylyk çäresi ýaş türkmenistanlylaryň bu günki baýramçylyk ruhuny has-da artdyrdy.

      Baýramçylyk çäresinde aýdym-sazly çykyşlara, çeper döredijilikli sahna eserlerine giň orun berildi. Etrabyň Çagalar sungat mekdebinde hünär öwrenýän ýaş sungat ussatlary şadyýan çagalyga bagyşlanan baýramçylyk çykyşlaryny ýerine ýetirip, sungat ýolunda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, bagtyýar çagalygyň, nurana günleriň waspy ýetirildi. Bagtyýar ýaşlaryň uly joşgun bilen ýerine ýetiren kompazisiýa eserleri bu günki baýramçylyk çäresine gatnaşýanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi tarapyndan dabaraly ýagdaýda baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

 

Erkin HEZRETOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 67 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 29 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 36 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR