WELOSPORT: TEBIGAT BILEN SAZLAŞYK

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, ata Watanymyzda türkmen sporty täze belentliklere çykýar. Bu ugurdaky işleriň maksatnamalaýyn esasda alnyp barylmagy türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki abraýynyň belent derejelere göterilmeginde möhüm orny eýeleýär.

     Indi birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň aprel aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde dünýäniň 56 döwletiniň awtordaş bolmagynda 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýandygyna, parahatçylyk söýüji, ynsanperwerlik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerimiziň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

     Üstümizdäki dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýedinji gezek bellenilýän bu baýram ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde welosipedi saýlaýanlaryň millionlarçasyny bir ýere jemleýär. Köpçülikleýin welosiped ýörişler bolsa ulagyň bu täsin görnüşiniň muşdaklarynyň ýüzlerçesine tebigat bilen sazlaşykda bolmaga, Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda welosiped sporty bilen meşgullanýan adamlaryň esasan hem ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Ekologiýa taýdan arassa ulag bolan welosipedi sürmek ruhuňy belende göterýär, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny güýçlendirýär.

     Berkarar Watanymyzda welosiped sportyny giňden wagyz etmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça geçirilýän işlere aýratyn ähmiýet berilýär. 2018-nji ýylda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpugurly «Aşgabat» stadionynda welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy geçirilip, şol sapaga 3 müň 246 adam gatnaşdy we bu giň gerimli çäre Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem, 2019-njy ýylda merjen şäherimiz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda bir ugur boýunça iň dowamly welosiped ýörişi geçirildi. Halkymyzyň durmuşynda sagdynlygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy bolan bedenterbiýäniň welosportuň möhüm orun eýelemegi üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen geçirilen bu ýöriş hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilip, Bitarap Watanymyzda welosiped sportunyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa, Aşgabat şäherinde «Welosiped» binasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu binada döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň nyşany bolan zeýtun şahajygynyň, ýyndam ahalteke bedewleriniň we welosipedçileriň şekilleriniň öz beýanyny tapmagy buýsançlydyr. Ol özüniň kaşaňlygy bilen sagdynlygyň hem-de ägirt uly üstünligiň ýurduna öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşiniň ruhuny özünde jemleýär.

     Ýene-de bir aýratyn guwandyryjy, buýsandyryjy wakalaryň biri hem 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegidir.

     Soňky ýyllarda ýurdumyzda her bir iri çäräniň, hususan-da, sport we saglyk bilen bagly baýramlaryň, şanly seneleriň welosipedli ýörişler bilen dabaralandyrylýandygyny aýtmak gerek. Munuň özi daşky gurşawy goramak bilen bagly başlangyçlara mynasyp goşant bolýar. Sportuň Olimpiýa görnüşleriniň düzümine welosportuň onlarça görnüşiniň girizilendigi bolsa onuň bütin dünýäde giňden ýaýrandygyny äşgär edýär. Bu günki günde güneşli Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak bilen ynsan saglygyny pugtalandyrmak, şeýlelik-de sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek üçin yzygiderli alada edilýär. Bu işde welosportuň we welosipedli gezelençleriň uly ähmiýete eýedigi öz-özünden düşnüklidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi wagyz etmek we onuň jemgyýetçilik ulag ulgamyna girizilmegini goldamak işini mundan beýläk hem maksatnamalaýyn esasda dowam ederis» diýip, nygtamak bilen, häzirki döwürde welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek, welosporty has-da ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar.

     Bütindünýä welosiped güni – sagdynlygyň, parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň baýramydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen welosporty ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşynyň aýrylmaz bölegine, ruhy hemrasyna öwrülýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda, welaýatlarynda, şäherlerinde we obalarynda abadan köçelerde köpçülikleýin welosiped sürüp ýören raýatlarymyzyň esasan hem ýaşlarymyzyň kalbynda buýsanç, ýüreginde şatlyk duýgulary möwç urýar. Ösüşlerden ösüşlere tarap okgunly öňe barýan ýurdumyzda türkmen welosportuny ösdürmek ugrundaky belent maksatlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

     Goý, türkmen sportyny halkara derejelere çykaryp, ýurdumyzyň türgenleriniň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertdir mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, sport äleminde alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar