Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy-öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde olaryň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklaryň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilimleriniň hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şahyryň goşgularynda öňe sürlen ynsanperwerlik, watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik pikirleriniň üç asyrdan bäri dünýäniň aglaba ýurtlarynyň şahyrlary we alymlary üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýurdumyzyň assosirlenen mekdepleriň 2024-nji ýyl üçin tassyklanan meýilnamasyndan ugur alyp, Balkanabat şäheriniň 2-nji orta mekdebi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi bilen bilelikde mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Kitap ýaşlaryň-göwün syrdaşy» ady bilen Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okamak boýunça bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde çykyş eden okuwçylar Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündew, ynsanperwerlik, watansöýüjilik, ahlaklylyk, halallyk, edep-terbiýe baradaky nusgawy eserlerini çeper dilleri bilen beýan etdiler, şeýle hem şahyryň eserleriniň akyl-paýhas çuňlugyny, gadyr-gymmatyny, pelsepewi many-mazmunyny we terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezýän we ýokary çeperçilik derejesinde wasp etdiler. Ýaşlaryň arasynda geçirilen bäsleşik diýseň gyzykly geçip, eminler tarapyndan mynasyp orunlar berildi. Ýeňijilere TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.