Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi hem-de şäher Polisiýa bölümi tarapyndan Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň «Suw ulagynyň ulanylyşy» kafedrasynyň talyplarynyň gatnaşmagynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn-durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda birnäçe çykyşlara orun berlip, olarda ýurdumyzda ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak, berk bedenli, sagdyn ruhly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri kemala getirmek, ýaş nesilleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ýaýbaňlandyrmak, ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen bagly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada beýan etdiler we şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maýagül GARAJAÝEWA,
TMÝG-nyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.