RÖWŞEN GELJEGIMIZIŇ EÝELERI

      Tomus paslynyň ilkinji güni — 1-nji iýun bütin dünýäde Çagalary goramagyň halkara güni hökmünde giňden bellenilýär. Bu sene dünýä jemgyýetçiligi üçin, şonuň ýaly-da, biziň ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetli, wajyp senedir. Çünki durmuşyň gülleri bolan çagalar bütin adamzadyň dowamy, geljegi hasaplanylýar. Çagalary goramagyň halkara güni 1949-njy ýylyň noýabrynda Zenanlaryň halkara demokratik federasiýasynyň Kongresiniň çözgüdi esasynda Parižde esaslandyryldy. Ilkinji gezek bolsa 1950-nji ýylda bellenilip geçildi. Şondan bäri-de her ýyl yzygiderli bellenilip gelinýär. Şu senede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň gurnamagynda Balkanabat şäheriniň «Altyn Nur zamany» dynç-alyş merkezi şatlyk aýdym-sazly baýramçylyk bellenildi. Bütin dünýäde däp bolşy ýaly, bu sene biziň ýurdumyzda hem aýratyn orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Çagalary goramagyň halkara güni ýokary ruhubelentlikde, bagtyýarlykda baýram edilip garşylanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň: «Çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlygydyr» diýip bellemegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň abadan, parahat, asuda, bolelin durmuşda ýaşamaklary, her bir çaganyň döwletiň hemmetaraplaýyn goldawyndan we goragyndan peýdalanmagy, ösüp gelýän nesliň aň-paýhas mümkinçiliklerini açyp görkezmegi, döwrümiziň talabyna görä bilim hem-de terbiýe almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Çagalary goramagyň halkara güni diňe bir çagalaryň baýramy bolman, ol Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň Hökümetleriniň, çagalar babatda döwlet syýasatyny alyp barýan döwlet edaralarynyň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň, ene-atalaryň, mahlasy, Ýer şarynyň ähli agzalarynyň baýramydyr. Şonuň üçin hem, çagalaryň iň şatlykly hem arzyly döwri bolan tomus paslynyň ilkinji gününde bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy, ýaşajyk türkmenistanlylary we olaryň ene-atalaryny, çagalar bilen işleşýän edaralaryň wekillerini tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, elmydama bagtly çagalygyň mekany bolan Türkmenistan ýurdumyzda çaga gülküsi ýaňlanyp dursun!

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR