BAGTYÝAR ÇAGALAR – HALKYŇ BUÝSANJY

     Türkmenistan bagtyýar çagalygyň mekanydyr. Körpe nesilleriň saglygy, olaryň döwrebap derejede dynç almagy, okap-öwrenmegi barada döwletimizde ähli şertler döredilýär. Elbetde, çagalaryň şatlygy asudalygyň, bagtyýarlygyň nyşany. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň şadyýan, bagtyýar keşpleri halkymyzyň göwnüni göterýär, Watanymyzyň nurana görküne öz şuglasyny çaýýar. Bagtyýar nesiller döwletimiziň ählitaraplaýyn aladalary bilen gurşalandyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat häkimligi, welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada orta mekdepleriniň tomusky dynç alyş möwsümindäki okuwçylaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç», «Arzuw» we «Balkan», Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki «Gara altyn», şeýle hem, Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ugratmak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý, röwşen geljegimiz bolan ýaşlary kemala getirmek ata Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Diýarymyzda gurulýan döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýyl-ýyldan artýar. Munuň özi ata Watanymyzyň arzuwlaryň hasyl bolýan hem-de bagtyýar çagalygyň ýurdydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝGa-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR