Beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz dana Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde baýramçylyk çäreleri, döredijilik duşuşyklary, şygryýet bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Geçirilýän çäreleriň her biri merdana halkymyzyň Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne bolan söýgi buýsanjyndan gözbaş tapýar. Ine golaýda hem şu ajaýyp senä bagyşlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň we Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Harby-deňiz Instituty bilen bilelikde gurnamagynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Geçirilen doredijilik duşuşygynda çykyş eden halypa we ýaş şahyrlar Magtymguly atamyzyň döredijiligi, onuň şygyrlarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüňler berdiler, şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzy, ajap eýýamymyzy wasp edip döreden birnäçe goşgylaryny ýerine ýetirdiler. Mundan başga-da duşuşygyň dowamynda Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň we deňizçi harby talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Pyragynyň sözlerine düzülen we döwrümizi wasp edýän birnäçe aýdymdyr sazlary ýerine ýetirdiler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenler halkymyzy bagtly şu günlerimizden ýagty ertirlere ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryklaryny bildirip, şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzy, beýik söz ussadymyzyň dürdäne şygyrlaryny öwrenmekde we wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda amala aşyrýan ägirt uly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Güljemal BAÝLYÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy
şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.