Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramaklarynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Ajap eýýam gelipdir, seýrana gel Pyragy!» ady bilen çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde körpejeler birnäçe şertler boýunça çykyş etdiler. Şertlerde çagalar türkmen halk döredijiliginden bölekler ýerine ýetirip, Magtymguly Pyragynyň keşbini janlandyrdylar. Çäräniň ahyrynda ýeňiji bolan toparlara guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy!
Abat MÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.