Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden dabaralanýan günlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş günleri başlandy. Dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, okamagy, dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy, saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde bolşy ýaly Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýän «Dürdäne» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde hem tomusky dynç alyş möwsüminde körpe nesillerimiziň wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirmegi üçin ähli şertler döredilen. Bu ýerde irki maşklar bilen birlikde dürli sport çäreleri hem guralýar. Çagalaryň köpüsi wagtyny şadyýan we manyly geçirmek üçin dynç alyş merkezlerinde bolup, medeniýetli dynç alýarlar. Bu ýerde olar täze dostlary tutunýarlar, dürli oýundyr güýmenjeler bilen meşgul bolýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi tarapyndan hem «Dürdäne» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde milli oýunlary, döredijilik, sport, surat çekmek boýunça, aýdym-saz bäsleşikleri, gezelençleri yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýüzmek boýunça ýaryşlary geçirmek üçin üsti ýapyk we açyk tomusky howuzlar bar. «Dürdäne» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde işlemek üçin tejribeli mugallymlar, terbiýeçiler, lukmanlar we ussat aşpezler saýlanyp çagalara güler ýüz bilen garaýarlar. Berkarar döwletimizde beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan baý ýaş nesliň kemala gelmegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Güljahan GARAÝEWA,
TMÝG-niň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.