«GARA ALTYN» ÇAGALARA GUJAGYN AÇDY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Olaryň ylymly, bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri, kämil tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen birlikde, çagalaryň dynç alyş möwsümini gyzykly hem peýdaly geçirmekleri ugrunda alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda körpeler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýarlar. Şolaryň biride Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki «Gara Altyn» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezidir. Bu ýerde bagtyýar körpeleriň wagtlaryny şatlyk-şowhunly geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan meýilnama esasynda «Saglyk – başymyzyň altyn täji» ady bilen sportuň tanap çekmek, uzak aralyga bökmek ýaly görnüşleri boýunça toparlaýyn we ýekebara görnüşde özara bäsleşik geçirildi. Netijede, «Bagtyýar», «Nebitçi», «Burowçy» we «Asuda» toparlary ýeňiji bolmagy başardylar. Ýeňiji toparlara TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Baýramgül SAFAROWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Indiki makala

AWAZANYŇ JOŞGUNY

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR