Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine dabaraly badalga berildi. Berkarar Watanymyzy, beýik döwrümizi, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar, şowhunly baýramçylyk çäreleri, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, sergilerdir maslahatlar şadyýan çagalarymyzyň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär. Döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şatlyk-şowhunly ýagdaýlar emele geldi. Sagaldyş we dynç alyş merkezlerde oýun oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdanlar, tans zallary, kompýuter otaglary, el iş gurnaklary, teatr, şekillendiriş otaglary, kitaphanalar hem bardyr. Merkezlerde geçjek her bir gün çagalar üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda çagalar çägeden şekil ýasap aýterek-günterek hem-de tanap çekişmek ýaly birnäçe oýunlary oýnap bäsleşdiler. Olar bäsleşigiň ahyrynda öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Bäsleşige gatnaşanlara hem-de ýeňiji bolanlara TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýaşlara şeýle giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Maýagül GARAJAÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.