Türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna giren edebi mirasy dünýä halklarynyň dillerinde müdimi aýdym bolup ýaňlanýar. Asyrlaryň owazy bolup, üç asyr bäri ýaňlanyp gelýän aýdym köňüllerde ebedi orun aldy. Ýakynda türkmen, rus, iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde çapdan çykan «Magtymguly» atly kitap — beýik söz ussadynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysy dana şahyra hormatyň nyşany bolmak bilen, türkmen okyjylary bilen birlikde, daşary ýurtly çeper döredijilige sarpa goýýanlar üçin hem ajaýyp sowgat boldy. Täze kitabyň welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy munuň subutnamasyna öwrüldi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, täze kitabyň akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň ýokary ruhubelentlikde dabaraly bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çapdan çykmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen söze sarpa goýýan halkymyz beýik oglunyň mertebesini belende göterýär, sarpalaýar. Dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan şahyryň gözel paýtagtymyzyň günorta künjeginde belent heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy, beýik akyldaryň ýubileý toýy mynasybetli ýurdumyzda we halkara derejede dabaraly çäreleriň geçirilmegi, «Magtymguly» atly kitabyň çap edilmegi muny subut edýär. Şygyr äleminiň ussady Magtymguly Pyragynyň dürli temadaky goşgularyny, ynsanperwer pikir-garaýyşlaryny özünde jemleýän kitap ýaş nesil üçin terbiýe hem görelde mekdebidir. Dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, baý we köptaraply edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak babatda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigi aýratyn buýsanç bilen nygtalyp geçildi. Beýik söz ussadyna belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, merdana halkymyzyň eşretli hem bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagy baradaky alkyşly sözler tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň dilleriniň senasyna öwrüldi. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Olarda täze taryhy döwrüň beýik ösüşlerini, parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdymlar, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar belentden ýaňlandy. Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.