KÖRPE WATANSÖÝÜJILER BÄSLEŞDILER

     Gönezliginde watansöýüjilik bolan agzybirlik, ynsanperwerlik, döwletlilik, halallyk, adalatlylyk, dost-doganlyk, pespällilik, sahylyk, päklik, asyllylyk, dogruçyllyk, ýagşylyk ýaly ahlak gymmatlyklaryny ýaş nesliň häsiýetine siňdirmek Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň esasy aladalarynyň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda döwletli işler amala aşyrylýar. Körpe nesillerimiziň ählitaraplaýyn aladalar bilen gurşalyp alynmagy, olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, döredijilik merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, ýokary derejede işlenilip taýýarlanylan bilim maksatnamalarynyň we beýleki degişli resminamalaryň hereket etmegi, nesillerimiziň medeniýetli dynç alşy üçin taryhy we medeni seýilgähleriň, döwrebap çagalar dynç alyş merkezleriniň hereket etmegi — bularyň ählisi Watanymyzyň bagtly çagalygyň mekanydygyny aýdyň äşgär edýär. Şeýle çäreleriň çäklerinde zehinli çagalary ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen hem meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Çünki çagalyk ýyllarynda şahsyýetiň häsiýetleri, ahlak ýörelgeleri hem-de gymmatlyklary, Watana söýgi, milli däp-dessurlara sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň wesýetlerine we beýik taglymlaryna eýermek duýgulary kemala gelýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça hem-de degişli Kararyna laýyklykda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi hem şeýle çäreleriň biri boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen yglan edilen bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli künjeklerinden surat çekmek bilen meşgullanýan, 14 ýaşa çenli ýaş türkmenistanlylar gatnaşdylar. Welaýatlaryň, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň her birinden saýlanyp alnan 50 sany döredijilik işi jemleýji tapgyra gatnaşdyrylmaga hukuk gazandy. Olaryň arasynda has-da tapawutlanan zehinli çagalaryň bäşisi «Meniň Watanymyň gözel ýerleri», «Milli baýramçylyklarymyz», «Sport — sagdynlyk, ruhubelentlik» hem-de «Dünýä dursun parahat!» temalary boýunça eminler tarapyndan kesgitlenen wagtda surat çekdiler. Netijede, emin agzalarynyň beren sesleriniň sany boýunça, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden gatnaşan çagalara, degişlilikde, I, II, III orunlar kesgitlenildi. Çagalaryň baý dünýägaraýşy esasynda çekilen suratlarda döwletli döwranymyzyň ösüşi, bagtyýar çagalyk, tebigatymyza, milli mirasymyza we gymmatlyklarymyza söýginiň waspy ussatlarça ýetirildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda sergilenen sergä tomaşa edenleriň buýsançly söhbetleriniň her birinde muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli giň gerime eýe bolan dabaralaryň çäklerinde paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde bäsleşigiň ýeňijilerine we saýlanan işjeň çagalara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan şahadatnamalaryň, Hormat hatlarynyň hem-de ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Oňa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik bilen meşgullanýanlar hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Ýokary guramaçylykly geçirilen dabarada täsirli çykyşlara giň orun berildi. Olarda bagtyýar körpeler özleri üçin döredilýän döwrebap mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY