BAGTYÝAR KÖRPELER – NURANA GELJEGIMIZIŇ EÝELERI

     Çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegini gazanmak hem-de ukyp-başarnyklaryny doly açmagy üçin şertleri döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm, strategik maksatlarynyň biridir.

     Halkymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri babatyndaky bu aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Muny ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçirilen «Biz –Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça bäsleşiginde körpe nesillerimiziň gazanan üstünlikleri aýdyň görkezdi. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli künjeklerinden, şol sanda Arkadag şäherinden surat çekmek bilen meşgullanýan çagalar işjeň gatnaşdylar. Olaryň watansöýüjilik ruhunyň beýikligi baý dünýägaraýyşly eserlerinde açyk-aýdyň beýan edilipdir.

     Düýn Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçirilen «Biz, Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda üstünlik gazanan çagalaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabara geçirildi.

     Dabarany Türkmenistanyň Magtymguly Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umyda Kakaýewa alyp baryp, onda bäsleşigiň ýeňijileri – Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň 6-njy  synp okuwçysy Ogulşat Ahallyýewa, Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 6-njy synp okuwçysy Aýşat Berdiýewa, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň 150 orunlyk çagalar bagynyň uly mekdebe taýýarlaýyş toparynyň körpesi Hudaýnazar Annagulyýew hem-de Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 8-nji  synp okuwçysy Melek Ýalkapowa dagy ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

     Dabaranyň dowamynda bagtyýar körpeleriň ýerine ýetirmeginde ösüşli döwrümizi, bagtyýar çagalygy wasp edýän şirin aýdym-sazlar belentden ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.

     Körpe nesilleriň Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy.

 

Orazgeldi ATAHALLYÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY