Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol sanda dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň çap edilmegi milli akyldarymyzyň ömrüne hem-de döredijilik mirasyna goýulýan çuňňur hormatyň nyşany bolup dünýä doldy. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda bu täze kitabyň gymmatyny, ähmiýetini düşündirmek maksady bilen meýilnamalaýyn çäreler giň gerime eýe bolýar.
Şeýle çäreleriň biri-de düýn Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirildi. «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen çapdan çykan «Magtymguly» atly kitabyň ähmiýeti, bezeg aýratynlyklary hem-de Gündogaryň ägirdi, türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi babatda täsirli gürrüňler edildi.
Şeýle hem milli medeniýetimizi we sungatymyzy gorap saklamakda, taryhy şahsyýetlerimizi sarpalamakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Beýzali ATAÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.