ÝAŞLAR SYÝASATYNYŇ SÖHBETI

     Düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda söhbetdeşlik geçirildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty we ondan gelip çykýan wezipeler dogrusynda gürrüňler edildi.

     Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar we olaryň bagtyýar durmuşy, nurana geljegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Dünýäde iri şäher – Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, ýaşlar hakyndaky kanunçylyk namalarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşlaryň döwrebap şertlerde ýaşamagy üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy, halal zähmet çekmekleri üçin amatly iş şertleriniň döredilmegi, iş orunlarynyň artmagy üçin täze edara-kärhanalaryň gurulmagy, mahlasy ýaşlaryň özgerýän zamanada ösen şertlerde ýaşamagy üçin ähli tagallalar amala aşyrylýar. Şeýle hem zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnygyny Watanymyzyň ösüşine gönükdirmek maksady bilen çäreler toplumy işlenilip taýýarlanylýar. Netijede Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkidýän, abraý-mertebesini ýokarlandyrýan nesiller kemala gelýär.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY