ÝAŞ ŞÄHERDE ÝAŞLYGYŇ BUÝSANJY

     Ýurt berkararlygynyň, halk bagtyýarlygynyň aýdyň kepili bolup bina edilen Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasatynyň miwesidir. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde geçmişden gözbaş alyp, geljegi nazarlap gurlan Arkadag şäheriniň açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berlenine bir ýyl dolýar.  Bu şanly sene mynasybetli şu günler Arkadag şäherinde hereket edýän edara-kärhanalarda baýramçylyk çäreleri giň gerime eýe bolýar.

     Düýn Arkadag şäheriniň döwlet arhiwinde hem Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň bir ýyllygy mynasybetli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň mähir-yhlasy bilen kemala gelen, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde açylan Arkadag şäheriniň aýratynlyklary, bu ýerde ýaşlaryň döwrebap şertlerde okamagy, zähmet çekmegi we göwnejaý şertlerde ýaşamagy üçin döredilýän şertler dogrusynda, şeýle hem  Arkadag şäheriniň döwlet arhiwinde ýerine ýetirilýän işler, gazanylýan üstünlikler dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.

     Şeýle hem ýurdumyzyň ýaş şäherinde ýaşlar üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 36 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 187 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 156 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY