SAGLYGY GORAÝŞYŇ DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLERI

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyl käri lukman bolan Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlary, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda adam saglygyny goramak, ony dikeltmek boýunça dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. «Saglyk» döwlet maksatnamasy esasynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça zerur şertleriň ählisi döredilýär. Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygy boýunça durmuşa geçirilýän işler munuň aýdyň subutnamalarydyr.

Ilatyň saglyk meseleleri boýunça düşünjeliligini ýokarlandyrmak «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň möhüm wezipesi bolup durýar. Hut şu maksat bilen düýn Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda maslahat duşuşygy geçirildi. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda garalan meseleler boýunça, şeýle hem Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz ata-babalarymyzyň ýaşlary sagdyn ruhda terbiýelemek baradaky ýörelgelerine täzeçe öwüşgin berýäris we olary häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirýäris, jemgyýetimizde sagdyn durmuşy ornaşdyrmakda «Sagdyn bedende – sagdyn ruh» pähiminden ugur alýarys» diýen parasatly sözlerini ýörelge edinip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine eýertmek, sagdyn iýmitlenmegini, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny gazanmak, zyýanly endiklerden daşda saklamak, saglyk baradaky düşünjesini ýokarlandyrmak maksady bilen saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäreleri, maslahat duşuşyklary yzygiderli guralýar. Munuň özi ýaşlara oňyn täsir edýär.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY