BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ ÝURDUNDA

      Sapaly tomsuň her bir güni Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaşlara bagtyýarlyk, şatlyk eçilýär. Ýurdumyzda körpeleriň diňe bilim almaklary, hünär öwrenmekleri däl, eýsem, olaryň netijeli dynç almaklary we saglygyny dikeltmekleri üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Şu maksat bilen paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda çagalar üçin sagaldyş we dynç alyş merkezleri, sport toplumlary, seýilgähler, okuw-terbiýeçilik binalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Şeýle döwrebap binalarda wagtlaryny şadyýan geçirýän körpe nesliň wekilleri özleri hakynda edilýän aladalardan hoşal bolup, Watanymyzyň röwşen geljegini berkarar etmegiň, geljekde ýurdumyzyň  ösüşlerine mynasyp goşant goşmagyň hatyrasyna bilimlerini artdyrýarlar.

      Biz hem ýaşlaryň mähriban Watanymyza bolan söýgüsini we buýsanjyny artdyrmak, olaryň hakyky watançy ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen dürli mazmunly çäreleri yzygiderli geçirýäris. Golaýda şeýle çäreleriň birini Lebap welaýat häkimligi hem-de welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçirdik. Lebap welaýat saglygy dikeldiş terbiýeçilik toplumynda geçirilen bu çäräde ýurdumyzda hemaýata mätäç çagalara edilýän kömekleri, olara yzygiderli lukmançylyk kömekleriniň berlişi dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Şeýle-de çäräniň dowamynda Lebap welaýat saglygy dikeldiş terbiýeçilik toplumynda terbiýelenýän nesillere Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabarada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň hünärmenleri hem çykyş edip, ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar şu güni we nurana geljegi ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işler, şanly özgertmeler dogrusynda öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Bagtyýar körpeler özleri hakynda giň gerimli aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çaga kalbyndan buýsanç sözlerini beýan etdiler.

Azat AMANOW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

 sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA