TARYHY BUÝSANÇLY — GELJEGI RÖWŞEN

       Ata-babalarymyzdan biziň şu günlerimize gelip ýeten gadymy däp-dessurlar, ýörelgeler, ýadygärlikler mahlasy ýaşap geçen nesillerden galan medeni durmuşa degişli zatlaryň ählisi halkymyzyň buýsançly milli mirasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýüzüniň tuwagy bolan milli mirasymyzy nesillere ýetirmekde, ony dünýä ýaýmakda ýurdumyzda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan baý milli mirasynyň içgin öwrenilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň buýsanjyny has-da artdyrýar. Watana, geçmiş taryhymyza bolan söýgi şol halkyň milli mirasyna milli medeniýetine we dünýä beren gymmatlyklaryna bolan söýgüden başlanýar.

        «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hem netijeli işler alnyp barylýar. Golaýda şeýle çäreleriň birini Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda hem geçirdik. Ýaşlaryň däp-dessurlara, milli mirasa, geçmişde öçmejek yz goýan taryhy şahsyýetlere bolan söýgüsini we buýsanjyny artdyrmak maksady bilen «Taryhy buýsançly—geljegi röwşen» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň we Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleriniň eden täsirli çykyşlarynda milli mirasymyzy öwrenmekde, gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde durmuşa geçirilýän beýik işlere aýratyn üns çekildi.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA