SAGDYNLYGA WE RUHUBELENTLIGE ÇAGYRYŞ

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen ilaty köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmek, ýaşlaryň arasynda sport çärelerini geçirmek we sport hereketlerini ýaýbaňlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap sport desgalarynyň ulanylmaga berilmegi we medeni-dynç alyş zolaklarynyň döredilmegi bolsa raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, olary köpçülikleýin sport çärelerine işjeň çekmäge giň mümkinçilikleri berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketlerini ösdürmäge, milli sebit hem-de ählumumy möçberde jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge goşýan ägirt uly goşandynyň ýokary bahasynyň subutnamasyna öwrüldi. Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şoňa görä-de, dünýä bileleşigi bilen bilelikde eziz Diýarymyzda tomus paslynyň ilkinji günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Ynha, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu sene biziň Lebap welaýatymyzda hem giň dabaralar bilen utgaşdy. Welaýatymyzyň etrap-şäherleriniň ählisinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli weloýörişleriň, dürli sport çäreleriniň geçirilmegi agzybir halkymyza ruhubelentlik eçildi.

      Tomus paslynyň ilkinji günlerinde welaýatymyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sport çäreleri mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew we Dänew etrap Geňeşleriniň we Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we Sport baradaky baş müdirliginiň bilelikde guramagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Abadan Döwletgeldiýewa we Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Dursunjemal Saryýewa hem-de Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we Sport baradaky baş müdirliginiň Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň türkmen milli göreşi boýunça türgeni Sylap Berdiýew dagylar gatnaşdylar. Duşuşykda edilen çykyşlarda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, berk bedenli we kämil ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler dogrusynda aýratyn nygtaldy.

 

Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA