TEBIGAT YNSANYŇ ÖÝÜDIR

      Daşky gurşawy goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy tutuş adamzadyň öňünde duran wezipeleriň biridir. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň baýlyklaryny ýerlikli peýdalanmak ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzyň BMG-niň çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti akýan suwlary we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak ýaly biologik köpdürlülik hakynda konwensiýalary tassyklamagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de ýurdumyzda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, Dünýäniň ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň onlarçasynyň amala aşyrylmagyna işjeň çemeleşilýär.

      Bu ugurdaky işleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň işgärleri bolup, Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdik. Edilen täsirli çykyşlarda ilatyň tebigaty we daşky gurşawy goramak çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, Köýtendag, Bathyz, Repetek goraghanalarynyň, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň köpdürli ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan  ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklarynyň üstüni ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler boýunça aýratyn nygtaldy. «Tebigat ynsanyň öýüdir» atly bu wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda ýurdumyzyň täsin tebigatynyň, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň aýratynlyklary, olaryň gaýtalanmajak gözelligi dogrusynda buýsançly çykyşlar edildi. 

 

Oýdin AŞIROWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA