SPORT — SAGDYNLYGYŇ SAKASY

      Häzirki döwürde ýurdumyz sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň, iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän abraýly merkezine öwrüldi. Bu, elbetde, şanly Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň döwletimize eçilen ajaýyp miweleriniň biridir. Döwletimizde sport mümkinçilikleri parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirilip, dünýä bilelişigi bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrylýar. Şeýle-de ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň baş maksadynyň ilatyň saglygyny berkitmekden ybarat bolup, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen birlikde, ýokary derejeli tälimçileri we türgenleri kemala getirmäge we olaryň durmuş üpjünçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzda ynsan saglygy jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy hasaplanylýar. Şol gymmatlygy gorap saklamakda we berkitmekde, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty has-da öňe ilerletmekde, sagdyn durmuş kadalarynyň jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmagy gazanmakda durmuşa geçirilýän ägirt uly işlere biziň her birimiz şaýat bolýarys.

      Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr, bu ulgamy ösdürmek bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol jähtden öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, bu ugurdaky hereketleriň täze usullary kemala getirilýär. Hususan-da, ussat türgenleri taýýarlamak maksady bilen Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşulýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, jemgyýetiň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy bilen sagdyn durmuş ýörelgelerine eýe bolmagy, şeýle-de sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi netijesinde welaýatlarymyzda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlardyr sport mekdepleri we beýleki desgalar bina edildi. Ussat türgenleridir hünärmenleri, ezber sport tälimçileri taýýarlamagyň täze usullary we halkara sport ýaryşlaryny geçirmegiň tejribesi kämilleşdirildi. Bu babatda Türkmenistanda netijeli halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň düýp esaslary goýuldy.

      Şu aýdylanlardan hem görnüşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi görlüp-eşidilmedik uly gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyçlary bilen ýurdumyzda geçirilýän bedenterbiýe we sport ýaryşlaryna ýaşlarymyz uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şeýle giň möçberli sport çäreleri sportuň dünýäde meşhur görnüşlerini ösdürmäge, oňa ýaşlary höweslendirmäge, bar bolan düzümi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

      Biz hem ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri bolup, ussat türgenleriň, başarjaň ýaşlaryň arasynda dürli sport ýaryşlaryny, bäsleşikleri yzygiderli guraýarys. Ýaňy-ýakynda Sakar şäheriniň 62-nji orta mekdebinde ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen Saýat etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň arasynda sport ýaryşlaryny geçirdik. Gyzgalaňly häsiýete eýe bolan ýaryşlarda etrabymyzyň ýaş türgenleri öz ussatlyklaryny subut edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

      Goý, türkmen sportuny halkara derejesinde ösdürýän, ýurdumyzyň türgenleriniň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Ogulnur ŞAPOLADOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA