ÇAGA GÜLKÜSI—DÜNÝÄNIŇ BEZEGI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda Türkmenabat şäheriniň ‹‹Bagtyýarlyk›› çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ‹‹Çaga gülküsi—dünýäniň bezegi›› diýen at bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Uly ruhubelentlige we şatlyga beslenen bu bäsleşige dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan bagtyýar çagalar gatnaşdylar. Ösüp gelýän ýaş nesli döredijilige ugrukdyrmak, olaryň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak we surat çekmeklige bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginde körpe nesiller bagtly çagalyklaryny, ajaýyp Watanymyzy, gözel tebigatymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän surat eserlerini çekmek boýunça bäsleşdiler. Olar türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelliklerini, tebigat we haýwanat dünýäsini, güneşli ülkämizde gurlan belentden belent binalary öz işlerinde ussatlyk bilen şöhlelendirmegi başardylar. Bäsleşikde çagalaryň çeken ajaýyp suratlary halypa suratkeşleriň we TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň hünärmenleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Soňra iň gowy surat eserleri saýlanylyp alnyp, bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi.

Ýeňijilere we işjeň gatnaşan körpelere TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şeýle-de çärä gatnaşanlaryň her biri çagalaryň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdunda körpe nesilleriň döredijilik bilen meşgullanmaklaryna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Dinara  KARIMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA