ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ŞA GADAMY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler halkyň bähbidine gönükdirilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly dabaralara beslenýän günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ýurdumyzda bir bütewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde «Daşoguz – Balkan» ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň dabaraly ulanylmaga berilmegi taryhy ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Bu beketleriň ulanylmaga berilmegi biz – ýaşlaryň göwnümizi ganatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň bagtyýar halkymyzy elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün etmek babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, güneşli Diýarymyzda halkalaýyn energoulgam döredilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň sebitlerini elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Täze howa elektrik geçirijisiniň we beketleriniň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi hem-de olaryň ýokary tehnologiýalylygy we howpsuzlygy baradaky halkara güwanamalarynyň gowşurylmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şeýle döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda ýaşlaryň yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilendir.

         Şeýle hem, baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň önümi bolan “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlarynyň sowgat berilmegi halkymyzyň saglygy hakynda uly aladalaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şanly waka mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna gaznanyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alan bagtyýar nesilleriň hem-de olaryň ata-eneleriniň gatnaşmagy has-da täsirli boldy. Hormatly Arkadagymyzyň adyny göterýän howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna saglygyny dikelden welaýatymyzyň bagtyýar çagalarynyň hem-de olaryň ata-eneleriniň halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary diýseň çäksizdir. Olaryň buýsançly gürrüňlerini eşdeniňde bolsa, hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny goramak baradaky aladalarynyň netijesinde, häzirki wagtda döwrebap saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejelere çykýandygyny ýene bir gezek äşgär edýär.

     Hormatly Prezidentimiziň goýny 360 altmyş pirli Daşoguz welaýatymyza amala aşyran iş sapary bagtyýar il-günümiziň kalbynda egsilmez şatlyk, uly ruhubelentlik döretdi. Bu sahawatly günde Daşoguz şäherinde 144 maşgala niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 8 sanysynyň ulanylmaga berilmegi welaýatymyzyň bagtyýar raýatlarynyň durmuşynda taryhy waka öwrüldi. Bu bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary bagtyýar maşgalalaryň şatlygyny goşalandyryp, otaglarynyň ýerleşişi taýdan amatly bolup, bagtyýar raýatlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýär. Biz hem, toýly günlerde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna eýe bolan bagtyýar maşgalalara “Ýurt garşy alsyn!” diýýäris. Goý, täze jaýlar rysgally, bereketli, toýly bolsun !

     Ýene-de bir buýsandyryjy wakalaryň biri hem, iýun aýynyň toýlara beslenip gelen ilkinji günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Daşoguzawtoulag” önümçilik birleşigine häzirkizaman awtobuslaryň 200-e golaýynyň sowgat berilmegi welaýatymyzyň bagtyýar raýatlarynda hormatly Prezidentimize uly hoşallyk duýgusyny döretdi. Sowgat berlen döwrebap ulaglar ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini gowulandyrmak, täze taryhy döwürde bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar Watanymyzda halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak babatda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan bagtyýar raýatlarymyz hormatly Prezidentimize çäksiz buýsançlaryny beýan edýärler.

     Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys ! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar