Golaýda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat ýolagçy awtomenzilinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagy mynasybetli, “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Söhbetdeşlikde edilen çykyşlaryň özenini welaýatymyza hormatly Prezidentimiziň Şa gadamynyň düşmegi, ýurdumyzda bir bütewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde «Daşoguz – Balkan» ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň işe girizilmegi, Daşoguz şäherinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi, welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze 200 sany ýolagçy awtobusynyň sowgat berilmegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” baradaky buýsançly hem-de giňişleýin gürrüňler düzdi.
Bu “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Abul HAÝTBAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.