Golaýda şeýle çuň manyly we pikirlendirýän şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz şäher hassahanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, ýaşlary kitap okamaga höweslendirmek, olaryň adamzadyň ruhy hazynasy hasaplanýan kitaplar dünýäsine çuňňur aralaşmagyny, kitaplar we kitaphanalar bilen dostlaşmagyny gazanmak, halkymyzyň kitaba we kitap okamaklyga goýýan beýik sarpasyny, hormatyny ýaş nesle ýetirmek, kitap okamak endiklerini ösdürmek maksady bilen, “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmaklarynda kitap okamak boýunça bäsleşik geçirdi. Gyzykly geçen bäsleşikde Gülpam Öwezgeldiýewa, Täzegül Jumaýewa, Şadyýa Aýtykowa dagylar degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp boldylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa işjeň gatnaşanlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Hurşida ATAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.