YLYM — BAGTYŇ ÇYRAGY

     Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzda dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi hem-de häzirki döwrüň talaplary nazara alnyp, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň 12-ni iýunynda bolsa ýurdumyzda Ylymlar güni giň dabaralar bilen bellenilip geçilýär.

     Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ylym we bilim halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Şoňa görä-de, syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ylmy kuwwatyň yzygiderli artdyrylmagyny, giň gözýetimli hünärmenleriň kemala gelmegi, ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmagy başarmaklary, ýokary bilimli we hünärli işgärleriň taýýarlanmagy ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halky ähli döwürlerde ylyma we bilime uly ähmiýet beren halkdyr.  Çünki bilim we ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlykdyr. Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ylym-bilim barada şeýle ajaýyp nakyllar getirilýär: «Dünýäniň iň gymmatly baýlygy ylym hem-de hünär öwrenmekdir», «Ylymly-ozar, ylymsyz tozar», «Ilden alynýan, ile hem berilýän baýlyk — ylym-bilimdir».

     Dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalanmagynda, abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde ylmyň, bilimiň, medeniýetiň we döredijilikli başlangyçlaryň mümkinçilikleri çäksizdir. Şu nukdaýnazardan bagtyýar ýaşlaryň ylymdan-bilimden öz paýyny almaklary üçin ylmy merkezlerdir ylmy ojaklaryň döwrebap binalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Bu bolsa dürli ylymlardan baş çykarýan, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ýaşlaryň kemala gelmegine giň mümkinçilikleri açýar. Ýaşlara ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

 

Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 56 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 27 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 27 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR