TOMUS ŞADYÝANLYGY ARTÝAR

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň diňe gowy okamaklary, bilim almaklary bilen çäklenmän, eýsem-de olaryň boş wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin hem ähli zerur şertler döredilýär. Bilşimiz ýaly, häzir tomus dynç alyş günleri dowam edýär. Bu günler her ýyl bolşy ýaly bagtyýar körpeler Gökderede we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda, ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirýärler.

    Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri we etrap bilim bölüminiň işgärleri bilen bilelikde etrabymyzyň çägindäki çagalar baglarynda döredilen tomus dynç alyş meýdançalarynda, merkezlerinde ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikleri, sport ýaryşlaryny, surat ýaryşlaryny yzygiderli geçirýäris. Golaýda hem etrabymyzyň 46-njy çagalar bakja-bagynda döredilen tomus dynç alyş merkezinde dynç alýan körpe nesilleriň arasynda sorag-jogap alyşmak, tapmaçalar, matallar aýtmak, şeýle-de sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri guramak boýunça dürli çäreleri geçirdik. Geçirilen çärede çagalar «Şadyýan» we «Bagtyýar» atly toparlara bölünip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Uly ruhubelentlikde we şatlyk-şowhun bilen geçirilen bäsleşikler çagalaryň tomusky şatlygyny has hem artdyrdy. Bäsleşiklere işjeň gatnaşan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap Geňeşi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň tomus dynç alyş möwsüminde tassyklanan meýilnamanyň çäklerinde mundan beýläk-de şeýle çäreleri yzygiderli gurarys. Adam baradaky aladany ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Gülzar BEKMURADOWA,

TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 56 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 27 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 27 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR