ÇAGA — DURMUŞYŇ BEZEGI

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda gün-günden pajarlap ösýär. Ata Watanymyzda diňe bir agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň şu güni barada alada etmek bilen çäklenilmän, eýsem, eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi ugrunda hem uly tagallalar, bimöçber işler ýerine ýetirilýär. Bagtyýar çagalygyň ýurdy diýlip yglan edilen mähriban Watanymyzda ynsan durmuşynyň ýaraşygy, durmuşyň bezegi bolan çagalaryň şadyýan gülki sesleriniň ýaňlanyp durmagy ýurdumyzda eşretli ýaşaýşyň, bagtyýarlygyň höküm sürýändiginiň alamatydyr. Şu jähtden güneşli Diýarymyzda ýaşlar aýratyn üns-alada, mähir bilen gurşalyp alynýar, olaryň erkana ýaşamaklary, dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin oňaýly şertler döredilýär. Her ýylyň tomus paslynyň sapaly günlerinde bagtyýar körpe nesilleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin hem giň gerimli çäreler geçirilýär.

      Tomus möwsüminiň başlanan ilkinji gününden bäri Lebap welaýatynyň  «Bagtyýarlyk», «Nebitçi», «Derýaçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde hem bagtyýar körpe nesilleriň şadyýan gülki sesleri belentden ýaňlanýar. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde baldan süýji mährem çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin dürli medeni we sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Bu döwrebap binalarda çagalaryň tapgyrma-tapgyr dynç almaklary, naharlanmaklary, sport we medeni çäreleri geçirmekleri üçin, milli oýunlaryny oýnap, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem çagalaryň wagtynyň hoş geçmegi üçin oýun meýdançalarynda we medeni ojaklarda gyzgalaňly  gezelençler hem yzygiderli gurnalýar.

      Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň başdan geçirýän ajaýyp pursatlary bagtyýarlygyň şuglasy bolup, durmuşymyzy özboluşly öwüşgin çaýýar. Çagalar her bir öýüň şatlygy, begenji, buýsanjy. Olaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde netijeli işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirip, ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil hünärli şahsyýetler bolup ýetişmekligi üçin taýsyz tagallalary amala aşyrýar. Döwlet baştutanymyzyň tagallalary bilen  Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş ykdysady hem-de guramaçylyk şertleri yzygiderli üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary watançylyk, ruhy taýdan sagdynlyk, ahlak taýdan kämil, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylyk ruhunda terbiýelenmeginiň möhümdigini aýratyn nygtaýar. Bagtyýar halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Umyda MERDANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 56 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 27 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 27 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR