Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrabyň medeniýet merkezinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, nesil saglygyny we maşgala ojaklarynyň agzybirligini gorap saklamak, gujur-gaýratly, watansöýüji nesilleri terbiýelemek, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda, “Nesil terbiýesi we milli ýörelgeler” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Duşuşykda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, türkmenler maşgalanyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak, nesilleri milli ruhda terbiýelemek, özboluşlylygy bilen tapawutlanýan milli ýol-ýörelgämizi durmuşa doly ornaşdyrmak bilen, ýaşlaryň kalbyna, aňyna milliligimizi, milli ýörelgelerimizi siňdirip, ogul-gyzlaryna halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy däplerinde terbiýe berýän halkdyr. “Bu ýörelgeler biziň her birimiziň öňümüzde duran mukaddes borçdur. Şu borç hem ýaşlaryň maşgaladaky we jemgyýetdäki orunlaryny kesgitleýär. Ahlak taýdan berk, ruhy taýdan belent maşgala döwletiň mizemez baýlygydyr” diýip, çykyşlarda bellenildi.
Her bir maşgalanyň agzybir ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin !
Oguljahan BABAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.