Golaýda şeýle mazmundaky şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň medeniýet merkezinde “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirdi. Ol hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, akyldar şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysy bolan “Magtymguly” atly kitabyň çapdan çykmagyna bagyşlandy. Oňa etrabyň medeniýet we bilim ulgamlarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň başynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toýlanýan ýylynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy, şanly ýylymyzda akyldar şahyryň edebi mirasyna bagyşlanan giň gerimli çäreleriň geçirilmegi halkymyzda buýsanç duýgusyny döredýändigi barada söz açdylar.
Çykyşlaryň dowamynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserlerini özünde jemleýän “Magtymguly” atly kitabyň ähmiýetiniň örän uludygyny buýsanç bilen nygtap, şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyny, aýratyn-da, edep-terbiýe, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik-namartlyk, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik ýaly pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny beýan edýän şygyrlaryny özünde jemläp, ýaşlarymyzy terbiýelemekde uly ähmiýetiniň bardygy dogrusynda täsirli söhbet etdiler.
Şeýle-de, söhbetdeşligiň dowamynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.
Täjigül GYLYJOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.