Güneşli Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty giňden ýaýbaňlandyrmak we häzirkizaman türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orun eýelän sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň hem-de täze belentliklere ruhy taýdan okgunlylygyň kepilidir. Şu wagtky tomus paslynyň dynç alyş günlerinde etrabymyzda hereket edýän döwrebap sport mekdepleriniň köp adamly bolmagy bu hakykaty tassyklaýar.
Biz hem ýaşlarymyzyň sporta höwesini artdyrmak, sagdyn jemgyýetiň berkarar bolmagyna öz goşandymyzy goşmak maksady bilen, türgenleriň arasynda dürli sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegine uly ähmiýet berýäris.
Golaýda şeýle sport çäreleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň Görogly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 3-nji sport mekdebinde “Sport – ýaşlaryň ýakyn hemrasy” atly şygar astynda geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini mazmunly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen guralan sport çäresine etrabymyzyň sport bilen meşgullanýan ýaşlary uly höwes bilen gatnaşdylar. Dürli ýaşdaky sport ussatlaryny, höwesjeňleri, tälimçileri we türgenleri bir ýere jemlän bu köpçülikleýin sport çäresinde sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryna giň orun berildi. Şol çärelerde sportuň adama sagdynlyk hem ruhubelentlik bagyşlaýandygy, öz güýjüňe hem başarnygyňa ynamy artdyrýandygy, umuman, sporty hemra edinmekligiň durmuşyňy gözelleşdirýändigi mese-mälim duýulýar.
Sport çäresine gatnaşyjylar ýurdumyzyň sport abraýyny belent derejelere çykarmakda taýsyz tagallalary edýän, ýaşlara sport bilen meşgullanmakda şertdir mümkinçilikleri döredip berýän halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Hudaýnazar MEREDOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.