Sahawatly türkmen topragyna Gurban baýramy ýetip geldi. Külli musulman döwletleri bilen birlikde ata Watanymyzda ýokary derejede toýlanylýan Gurban baýramynyň gelmegi mynasybetli toý çäreleri ýokary ruhubelentlige beslenýär. Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerini dowam edýän halkymyz Gurban baýramyny giňden we şatlykly ýagdaýda belleýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan, şu günler, bu mukaddes senäniň taryhy ähmiýetini düşündirmek, ýaşlarda milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza söýgi döretmek, olaryň milli ruhly nesiller hökmünde terbiýelenmegini gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri, baýramçylyk duşuşyklary yzygiderli guralýar. Şeýle çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan gurnalýan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly gepleşigiň baýramçylyk sany ýazgy edildi. Bu gepleşigiň dowamynda mukaddes Gurban baýramynyň aýratynlyklary we däp-dessurlary, yrym-ynançlary barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Güljana Garýagdyýewanyň maşgala ojagynda tutulan gurban baýramyna gatnaşyldy. Ol ýerde bu bagtyýar maşgala agzalarynyň hem-de bu ojaga myhmançylyga gelen dogan-garyndaşlarynyň buýsançly söhbetleri ýazgy edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.