GOŞA TOÝUŇ ŞANYNA

      Arkadag şäheri dürli mazmunly çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilen şäheridir. Hut şu nukdaýnazardan, şeýle hem geljekde bu şäheriň mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeligi hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda Arkadag şäherinde geçirmek bellenildi.

      Häzirki wagtda şäheriň çäginde hereket edýän edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynda bu şanly senäni guramaçylykly geçirmek maksady bilen meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle çäreleriň biri-de, düýn Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi. Muzeý gymmatlyklaryndan gurnalan sergi «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýlip atlandyryldy. Bu serginiň çäklerinde maslahat geçirilip, onda medeniýet we sungat işgärleri hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň wekili çykyş etdiler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY