ÝAŞ ŞÄHERDE TOÝLAR TOÝA ULAŞÝAR

     Düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli zehininden binýat bolan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzy bagtyýarlygyň goýnunda, aýratyn-da Watanymyzyň daýanjyna deňelýän ýaşlaryň döwrebap şertlerde, kämil jemgyýetde ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwletli syýasaty netijesinde gurlup ulanylmaga berlen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylanyna bir ýylyň dolmagy mynasybetli hem-de Arkadag şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän medeniýet hepdeliginiň ähmiýeti dogrusynda wagyz etmek maksady bilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

     Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» 29-njy iýunynda gadymy oguz ýurdunda kemala gelen dünýä nusgalyk şäher – Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçilikleri, bu ýerde ýaşlarymyzyň bagtyýar şu güni we nurana geljegi ugrunda döredilýän şertler hem-de halkara derejedäki çäreleri geçirmegiň merkezine öwrülen Arkadag şäherinde geçiriljek medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda buýsançly gürrüňleri etdiler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY