SPORT – SAGDYNLYK

      Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Türkmenistanda sport ulgamyny günsaýyn ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu esasdan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ýaşlaryň bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy, sagdynlyk hereketlerine eýermeklerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça sport bäsleşikleridir ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.

      Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi Kerki etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde tassyklanan düzgünnama laýyklykda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlary sagdyn, berk bedenli, ruhubelent edip terbiýelemek hem-de ýaşlaryň tomusky dynç alyş döwründe wagtlaryny gyzykly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen sport ýaryşlary guraldy. Kerki etrabynyň 2-nji sport mekdebinde geçirilen bu sport ýaryşynda 2010—2011-nji ýyllarda doglan oglanlar sportuň woleýbol görnüşi boýunça Kerki etrabynyň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryşdylar. Bäsleşikde Kerki etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň woleýbol boýunça tälimçisi W.Bekmuhammedow baş eminlik, tälimçi R.Annaýew kätiplik etdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň  başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA