AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

      Türkmen halky irki döwürlerden bäri kitaba, ylym-bilime aýratyn gadyr goýup gelýär. Şöhratly pederlerimiz ýaşlaryň ylymly-bilimli, sowatly bolup ýetişmekleri ugrunda aýratyn alada edipdirler. Bu ugurdaky ýörelgeler häzirki döwürde-de üstünlikli dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hut özi çuňňur zehininden syzylyp çykan dürdäne eserleriň birnäçesini bagtyýar ildeşlerimize sowgat etdi. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň kitaplaryny okap, milli medeniýetimiziň baýdygyna, taryhymyzyň we geçmişimiziň şöhratlydygyna göz ýetirmek mümkindir. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzda edebiýatymyzy we sungatymyzy ösdürmek ugrunda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Esasan hem üstümizdäki şanly ýylymyz dana şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanmak bilen türkmeniň nusgawy edebiýatynyň çawy dünýä ýaýrady.

      «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzda dürli medeni çäreler, forumlar, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Şeýle-de beýik söz ussadynyň döredijiligini düzýän dürdäne şygyrlarynyň birnäçesi daşary ýurt dillerine terjime edilip, dünýä halklary üçin hem elýeterli boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» kitabyň çap edilmegi bolsa, ildeşlerimiziň baýramçylyk ruhuny has hem artdyrdy. Bu ajaýyp kitabyň elimize gowuşmagy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. «Kitap—akyl-paýhasyň gönezligi» diýen at bilen geçirilen bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde edilen täsirli çykyşlarda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek boýunça alnyp barylýan beýik işler dogrusynda aýratyn nygtaldy. Bagtyýar ýaşlar öz çykyşlarynda ýaşlar milli ruhda, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň göreldesi esasynda terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegi we dünýäde giňden wagyz edilmegi ugrunda giň gerimli işlere badalga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň döwletli işleri Magtymguly Pyraga we onuň döredijiligine goýulýan belent sarpanyň we hormatyň aýdyň nyşanydyr.   

 

Laçyn AKYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA